2022-02-14 12:56:19
#باغتئ_خان
#bagy_han
آصلئ پأک گؤوهر زۆمرد غاشلارئ یایئ باغتئ خان
Asly päk göwher zümered gaşlary ýaýy bagty han
ساللانئپ اؤیدن چئقانگدا عألمه تائ باغتئ خان
Sallanyp öýden çykaňda äleme taý bagty han
دۇستئنگا غوجاق آچئب بۇلدئ گۆنه جائ باغتئ خان
Dostyňa gojak açyp boldy güne jaý bagty han
عاقلئما تالانگ سالئپ هوشئم آلدئنگ باغتئ خان
Aklyma tqlaň salyp huşym aldyň bagty han
ساللانئپ اؤیدن چئقانگدا بندئلرزاندیر یۆرک
Sallanyp öýden çykaňda bendy-lerzandir ýürek
گۆل یۆزۆنگ گؤرمأگه زار من بیر زامان دورسام گرک
Gül ýüzüň görmäge zar men bir zaman dursam gerek
بو پاصئل یاز موندا دورماز گچدی دۆنیا بیدرک
Bu pasyl ýaz munda durmaz geçdi dünýä biderek
گؤرمهسم غامدئر بو گؤونۆم شاد ادر سن باغتئ خان
Görmesem gamdyr bu göwnüm şat eder sen bagty han
کؤپ ولایتلاردا گزدیم گؤرمهدیم سن یالئ پری
Köp welaýetlarda gezdim görmedim sen ýaly peri
سندن اؤزگه یۇق مئدارئم ایکی چشمیم رؤوشنی
Senden özge ýok mydarym iki çeşmim röwşeni
گینیپ لعلئ جواهر داقئنئب آلتئن زری
Geýnip läly jawaher dakynyp altyn zeri
بیر زامانچئق ساللانئپ هوشیم آلدئنگ باغتئ خان
Bir zamançyk sallanyp huşim aldyň bagty han
دؤولتلی دؤوران ایلریم یۇقدئر سؤزیمده بیر حارای
Döwletli döwran ilerim ýokdyr sözlerimde bir haraý
یۆرگیمه دوز غویوب گزدینگ باغرئمئ سن پارالاب
Ýüregime duz gyýup gezdiň bagrymy sen paralap
دییر غوربان چئقسام سانگا هۆمّت دیلأب
Diýer gurban çyksam saňa hümmet dilläp
غامدا غالان گؤونۆمه اؤزۆنگ آزاد ات باغتئ خان
Gamda galan göwnüme özüň azat er bagty han
:)
دینگلأنگ و هذیل آلئنگ
آیدئم:
#باغتئ_خان
#bagty_han
آیدئمچئ:
#leýla_şadurdeywa
یازغا گچیرن: رسول
@Turkmen_muzik
562 views09:56